Ukrainanyň täze Goranmak ministri Russiýa garşy ýeňiş gazanmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy

Ukrainanyň täze Goranmak ministri Russiýa garşy ýeňiş gazanmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy

Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskä özüne bildiren ynamy üçin minnetdardygyny habar berdi.

Taryhy bir döwürde Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetirmegiň özi üçin uly mertebedigini aýdan Umerow: "Ministrligimiziň 5 ileri tutýan ugry: Harby merkezleşdirme, ministrligiň subýektiwligini döretmek, halkara koalisiýany güýçlendirmek we giňeltmek, korrupsiýa nol çydamlylyk we sanlylaşma, Ukrainanyň harby senagatyny ösdürmek. Ýeňişi gazanmak meýilnamamyzdyr. Ýeňişi gazanmak üçin elimizden gelenini etmelidiris" diýip nygtady.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý 3-nji sentýabrda Goranmak ministri wezipesine Krym tatar türki Rüstem Umerowy bellemek barada karar kabul edendigini habar beripdi.

Umerowyň dalaşgärligi Ukrainanyň parlamenti Rada tarapyndan tassyklanypdy.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Ukraina Krym Köprüsini Ýykmak Isleýär
Ukraina, Russiýa Degişli Uçary Urup Düşürdi
Russiýanyň Harkow Şäherine Guran Hüjüminde 3 Adam Ýogaldy
Blinken Kiýewe Bardy
Russiýa, Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär