Ukraina, Russiýa Degişli Uçary Urup Düşürdi

Ukraina, Russiýa Degişli Uçary Urup Düşürdi

Ukrainanyň, Russiýa degişli “Şahed” kysymly 41 sany uçarmansyz howa ulagyny hatardan çykarandygy, 1 sany hem Su-24M kysymly uçaryny urup düşürendigi habar berildi.

Ukrainanyň howa güýçleri serkerdeliginden berlen beýannamada, düýn gije rus goşunynyň, Krymdan we Russiýanyň Kursk sebitinde uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy nygtaldy.

Beýannamada, Russiýanyň hüjümlerinde 48 sany uçarmansyz howa ulagyny ulanandygy, Ukrainanyň howa güýçleriniň hem uçarmansyz howa ulagynlaryndan 41 sanysyny hatardan çykarandygy bellenildi.

Ukrainanyň Howa güýçleriniň serkerdesi Nikolaý Olesçuk, sosial mediadan beren habarnamasynda, düýn Gara deňizde Russiýa degişli Su-24M uçaryny urup düşürendiklerini ýatlatdy.

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, rus uçaryny urup düşüren howa güýçleri serkerdeligine sagbolsun aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Krym Köprüsini Ýykmak Isleýär
Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Polşada Zelenskiýniň Janyna Kast Etmäge Goldaw Berendigi Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Russiýa, Ukrainanyň Paýtagty Kiýewi Nyşana Aldy
Ukraina Russiýa degişli desant gämisine reketalar bilen hüjüm gurady