Ukraina: "Russiýa degişli gözegçilik gämisine hüjüm guradyk" diýdi

Ukraina: "Russiýa degişli gözegçilik gämisine hüjüm guradyk" diýdi

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Razwedka müdürliginden berilen ýazmaça beýanatda, şu gün gije "Group 13" atly ýöriteleşdirilen toparyň, Russiýanyň Gara deňiz flotyna degişli "Sergeý Kotow" atly gözegçilik gämisine hüjüm gurandygy mälim edildi.

Hüjümiň Ukrainanyň Harby-deňiz güýçleri bilen hyzmatdaşlykda we Ukrainanyň Sanly özgeriş ministrliginiň goldaw bermeginde guralandygy bellenen beýanatda, Magura V5 sürüjisiz deňiz ulagy bilen guralan hüjümiň netijesinde, rus gämisiniň öň, sag we çep taraplaryna zeper ýetendigi aýan edildi.

Beýanatda gämä Kerç bogazynyň golaýynda Ukrainanyň suw giňişliginiň çäklerinde guralandygy bellendi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ: "Russiýada ýogalan we ýaralanan Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylar bar" diýdi
Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Wan welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy: "Goşun 7-nji oktýabrda şowsuz boldy" diýdi
Türk Howpsuzlyk Gullugynyň Transformasiýasy
Ukraina: "Russiýa degişli uly desant gämisini ýok etdik" diýdi