Ukraina, Russiýa we ABŞ parahatçylyk gepleşikleri üçin Abu-Dabide duşuşar

Ukraina, Russiýa we ABŞ parahatçylyk gepleşikleri üçin Abu-Dabide duşuşar

Ukrainanyň, Russiýanyň we ABŞ-nyň adyndan gepleşikleri alyp baryjylar 4 ýyldan bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi maksady bilen şu gün Abu-Dabide duşuşar.

Taraplaryň arasynda ozal geçirlen gepleşiklerde 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýän we II jahan urşundan bäri Ýewropanyň iň uly çaknyşygy bolan bu söweşiň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

Gepleşikleriň taýarlyk tapgyrynda Russiýanyň guran dron hüjümleri bilen Ukrainanyň energetika pudagyny nyşana almagy we aşa sowuk howalarda elektrik togynyň kesilmegi we ýyladyş ulgamlarynyň hatardan çykarylmagy BAE-de geçiriljek gepleşikleriň bökdelmegi taýdan uly howp emele getirdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý sişenbe güni beren beýannamasynda “Rus hüjümleri Moskwanyň tutumynyň üýtgemändigini görkezýär. Olar söweşe we Ukrainanyň ýok edilmegine maýa goýmaga dowam edýär we diplomatiýa üns bermeýär” diýdi.

Moska alynky şert hökmünde Ukrainanyň tebigy çeşmeleriň ýerleşýän şäherlerini hem öz içine alýan Donbassdan esgerlerini yzyna çekmegini, şol bir wagtda hem hüjümlerde ele geçirlen ýerleriň Russiýa degişli bolandygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini isleýär.

Ukraina bolsa çaknyşyklaryň ähli front liniýalarynda bes edilmegini isleýär, bir taraply ýagdaýda çekilmegi ret edýär.

Ýene degişli makalalar

Witkoff: "Ukrainadaky uruş bilen baglanyşykly gepleşiklerde uly öňegidişlikler gazanyldy" diýdi
Kreml: ABŞ, Ukraina we Russiýa BAE-de duşuşyk geçirerler
Zelenskiý Abu-Dabide geçirilen gepleşiklerde energiýa meseleleriniň maslahatlaşylandygyny aýtdy
Zelenskiý: ABŞ Ukraina-Russiýa urşunyň iýun aýyna çenli tamamlanmagyny isleýär
Ukrainanyň wekilleri parahatçylyk gepleşikleri üçin Ženewa gidýär
Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin Pekinde Russiýanyň daşary işler ministri Lawrow bilen duşuşdy