Ukraina Russiýadaky 3 nebiti gaýtadan işleýän zawoda hüjüm gurady

Ukraina Russiýadaky 3 nebiti gaýtadan işleýän zawoda hüjüm gurady

Ukrainanyň metbugaty habary Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugyna esaslanyp berdi. Alynan maglumata görä hüjümler rus nebiti gaýtadan işleýän zawodlara garşy başladylan ýörite operasiýanyň bir bölegini emele getirýär.

Habarda: "Jikme-jik ýagdaýda emele getirilen Russiýa Federasiýasynyň ykdysady mümkinçiliklerini peseltmek strategiýamyzy ulgamlaýyn häsýetde durmuşa geçirýäris. Maksadymyz duşmany çeşmelerinden mahrum etmek we agressoryň gönüden uruşa, Ukrainanyň raýatlaryny öldürmäge geçirýän nebitden alýan girdejilerini we ýangyçlaryny azaltmak" diýip habar berildi.

Rýazanyň sebitleýin dolanşygynyň habar bermegine görä, Rýazandaky zawotda hüjümiň netijesinde irden sagat 07:00 töwregi ýangyn boldy. Ýangyn 4 sagatdan soň gözegçilik astyna alyndy.Kstowo we Kirişah şäherlerindäki uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümleriň netijeleri barada bolsa entek resmiler tarapyndan beýannama berilmedi. Şonuň bilen birlikde Leningrad sebitiniň gubernatory şu gün irden nebiti gaýtadan işleýän zawoda hüjüm guralmaga synanyşylandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň habar bermegine görä Russiýanyň howa giňişliginde düýn gije we şu gün irden 60-dan gowrak uçarmansyz howa ulagy ýok edildi.

Ýene degişli makalalar

Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Nigeriýada ýoldaky dyknyşykda 100 ulag ýandy
Hazaryň 1-nji mekdebinde ýangyn döredi
Içeri işler edaralarynda işini taşlamaga, daşary ýurtlara çykmaga ymtylýan işgärler köpelýär
Uçar Tokionyň howa menzilinde gonanda ýandy
Ýaponiýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy