Ukraina: "Uruş sebäpli 589 çaga ýogaldy" diýdi

Ukraina: "Uruş sebäpli 589 çaga ýogaldy" diýdi

Ukrainanyň Baş prokuraturasynyň Telegram hasabyndan berilen beýanatda, Ukrainada uruş sebäpli ýogalan ýa-da ýaralanan çagalar barada maglumatlar paýlaşyldy.

Beýanatda, Russiýa-Ukraýna urşunyň başlamagyndan bäri rus hüjümleriniň netijesinde ýurtda 589 çaganyň ýogalandygy, 1681-den gowrak çaganyň bolsa ýaralanandygy habar berildi.

Dnepropetrowsk welaýatynyň Harby dolandyryş edarasynyň başlygy Sergeý Lysak hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň düýn Kriwoý-Rog şäherine raket bilen guran hüjüminden soň başladylan gözleg we halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigini habar berdi.

Lysak, şu gün alynan maglumatlara görä, ýumrulan bir ýaşaýyş jaýynyň aşagynda bir zenanyň we onuň üç çagasynyň jesetleriniň tapylandygyny aýtdy.

Ukraýna Döwlet Baştutany Wladimir Zelenskiý, hüjüm barada beren beýanatynda, Russiýanyň urşy dowam etdirmek isleýändigini aýdyp, "Bu hüjümleriň ählisi Russiýanyň diplomatiýa bilen bagly ähli beýanatlaryň ýalandygyny subut edýär" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý: "Uruşuň başlan ýerine gaýdyp gelmegi logiki taýdan dogry" diýdi
Russiýa bilen Ukraina ýesirlerini çalyşmaga dovam edýär
Ukraina Russiýanyň harby gämilerine hüjüm etdi; UHU hüjümlerinde azyndan sekiz adam öldi
Russiýanyň Ukraina çözuşynyň dördünji ýyl dönüminde Türkmenistan urşy resmi derejede agzamaýar
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümleriniň netijesinde azyndan dokuz adam ýogaldy
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Ýewropanyň gepleşiklere gatnaşmalydygyny aýtdy
Ukraina Russiýanyň nebit-himiýa desgalaryna zarba urdy