Ukrainada zamun alynan rus harbylar beýanat berdiler

Ukrainada zamun alynan rus harbylar beýanat berdiler

Interfaks Ukraina habarlar agentliginde geçirilen metbugat ýygnagyna, Ukrainanyň Çernigow sebitinde zamun alynan Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň 15-nji Aleksandrowskiý brigadasyna degişli harby razwedkanyň 7 ofiseri gatnaşdy.

Köp sanda ýerli we daşary ýurtly metbugat işgärleriniň gatnaşan maslahatda, zamun alynan rus harbylar Ukraina nähili ýagdaýda gelendiklerini beýan etdiler.

Ofiser Sergeý Galkin, 2013-nji ýyldan bäri şertnamalaýyn harbydygyny, Belarussiýada umumy harby türgenleşige gatnaşjakdyklary bahanasy bilen 1-nji fewralda demir ýol arkaly Brýanskaýa welaýatyna gelendiklerini, ol ýerde tokaýlyk zolakda gurulan bazada galandyklaryny mälim etdi.

Galkin, takmynan 3 gün bazada galanlaryndan soň, Ukraina hüjüm guraljakdygy baradaky habardan habardar edilendiklerini belläp: "Serekerdämiz ýygnakda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Ukraina hüjüm guralmak we ýurdyň paýtagty Kiýewi basyp almak baradaky buýrugyny okady. Telefonlarymyz, resminamalarymyz ellerimizden alyndy. Ertesi gün ýola çykdyk" diýip habar berdi.

Ukrainanyň Çernigow welaýatynyň serhetleriniň çägine golaýlaşan mahalymyz batgalygyň içine girendiklerini aýdan Galkin: "Şol mahal sebitiň ýaşaýjylary bilen gabatlaşdyk. Biziň snaýperimiziň od açmagy netijesinde çaknyşyk başdan geçirildi. Ýerli halkyň elinde köp sanda ýaragyň bardygyny gördük. Biziň öýümüze gaýdyp barmagymyzy islediler. Biz hem şol wagt boýun egmek barada karara geldik" diýip mälim etdi.

Beýleki bir rus ofiser Wladimir Rasskazow hem goşundaky egindeşlerine Ýaraglary taşlamaklary barada çagyryş berip: "Mundan başgada Putine ýüzlenmek isleýärin. Özüne Ukraina guraýan hüjümlerini bes etmek barada çagyryş berýärin. Sebäbi biz Russiýa gaýdyp baran mahalymyz hem oňa garşy durarys" diýip aýan etdi.

Ukrainanyň güýçleri tarapyndan zamun alynan ofiserleriň ozal Krymyň anneksiýasyna gatnaşandyklaryny, Siriýada harby polisiýa wezipesinde işländiklerini habar berdiler.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

MA ýurtlarynyň üçüsiniň prezidentleri Zelenskini Ukrainanyň Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady
Aeroflot 2030-njy ýyla çenli ýolagçy gatnawyny 6 göterim artdyrmakçy
Prezidentiň portretiniň öňünde tans eden bir işgär tussag edildi, başga-da 15 sanysy işden kowuldy
Zaýalanan etden palaw, ýandakdan çaý. Goşundaky gullukçylaryň gün-güzerany
Hindi gümrükçisi ýanyndan altyn çykan türkmen zenanyny iş otagyna ýeke äkideni üçin işden çetleşdirildi
Türkmenistanda esgerler şahsy hojalyklara günlükçi’ hökmünde ugradylýar