Aeroflot 2030-njy ýyla çenli ýolagçy gatnawyny 6 göterim artdyrmakçy

Aeroflot 2030-njy ýyla çenli ýolagçy gatnawyny 6 göterim artdyrmakçy

Russiýanyň Aeroflot awiakompaniýasy 2030-njy ýyla çenli ösüş maksatnamasyny tassyklady, oňa görä, her ýyl ýolagçy gatnawy 6 göterim artdyrylar. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Sergeý Aleksandrowskiniň sözlerine salgylanýan Interfaks habar berdi.

Geçen ýyl rus awiapudagy günbatar gadaganlyklary sebäpli kynçylyklara uçran hem bolsa, adybir awiakompaniýany, Pobeda we Russiýa awiakompaniýalaryny özüne birleşdirýän Aeroflot topary 40,7 million adama hyzmat etdi, bu öňki ýyldakydan 14 göterim azdyr. Şu ýyl kompaniýa 43,5 million ýolagçy gatnatmagy maksat edinýär, bu tas 7 göterimlik ösüşdir.

Netijede, 2030-njy ýyla çenli toparyň ýolagçy akymy 65 million adama deň bolar diýip, Aleksandrowskiý nygtady.

RF-niň bazarynda geçen ýyl ýerli we halkara awiakompaniýalaryň ýolagçy gatnawynyň jemi 108 million adama deň boldy. 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 128 million adama ýetmegine garaşylýar, şunda ýyllyk ösüş 2,2 göterime deň bolar diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

MA ýurtlarynyň üçüsiniň prezidentleri Zelenskini Ukrainanyň Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň 6 raýaty Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany we Arkadag medaly bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Iş Nokady koworking merkezinde hyzmatdaşlyk boýunça duşuşyk geçirildi