Ukrainanyň Prezidenti ýurtda elektrik toklaryň kesilmegi bilen bagly beýannama berdi

Ukrainanyň Prezidenti ýurtda elektrik toklaryň kesilmegi bilen bagly beýannama berdi

Telegram hasabyndan beýannama beren Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň harby güýçleriniň soňky wagtlarda esasan hem elektik infrastrukturalaryny nyşana almagy netijesinde Kiýew, Odessa, Lwow we beýleki sebitlerde elektrik toklaryň kesilmäge dowam edýändigini belläp, Ukrainada başdan geçirilýän energiýa meseleleri barada ýagdaýyň tankydydygyny habar berdi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny aýdan Wladmir Zelenskiý, telefon söhbetdeşliginde Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň geriminiň giňeldilmegi bilen Türkiye we Ukraina üçin uly ähmiýete eýe bolan global hadysalary maslahatlaşandygyny mälim etdi.

Wladimir Zelenskiý Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen hem telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny beýan etdi.

Ukrainanyň Premýer ministri Denis Şmygal hem sosial saýtdan beren ýazmaça beýanatynda, Russiýanyň harby güýçleriniň soňky wagtlarda Ukrainanyň tapawutly ýerlerindäki energetika infrastrukturalaryna garşy guraýan hüjümleri sebäpli, uly zyýanlaryň çekilýändigine ünsleri çekdi.

Hüjümleriň netijesinde ýurtdaky ähli ýylylyk we gidroelektrik desgalaryna zeper ýetendigini aýdan Şmygal: "Ýokary woltly tor desgalarynyň 40 göterimine zyýan ýetdi. Her birimiz bu gyş elektrik toklaryň sarp edilşinde uly çäklendirmeleri başymyzdan geçirjekdigimizi bilmelidiris" diýip belledi.

Ýurt derejesinde energetika meseleleriň çözülmegi üçin hökümediň gerek bolan býujeti aýyryp goýandygyny we abatlaýyş işleriň tiz depginler bilen dowam edýändigini aýdan Şmygal, hassahana, harby, senagat we beýleki tankdy infrastrukturalar bilen öýlere elektrik tok hyzmatlarynyň berilmeginiň ileri tutulýandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Dron hüjümleri Russiýanyň günortasynda howa gatnawyny bökdedi
Ukrainanyň Luganskda guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky Pasha baýramy mynasybetli ýaraşyk möhleti tamamlandy
Ukraina Russiýanyň ot açmagy bes etmek teklibi barada ABŞ-dan düşündiriş islär
Ukraina Russiýanyň harby gämilerine hüjüm etdi; UHU hüjümlerinde azyndan sekiz adam öldi
Russiýa Ukrainanyň paýtagtyny bombalady
Russiýa Ukraina garşy giň gerimli ballistik raketa hüjümini amala aşyrdy