Ukrainanyň Tatarystana guran dron hüjüminde 4 adam ýaralandy

Ukrainanyň Tatarystana guran dron hüjüminde 4 adam ýaralandy

Tatarystanyň Saglygy goraýyş ministri Almir Abaşew, sosial media arkaly beren habarnamasynda, Ukrainanyň harby goşunynyň Tatarystana dron hüjümini gurandygyny mälim etdi.

Dronlardan biriniň Tübenkama şäherinde bir öýe düşendigini ýatladan Abaşew, “Hüjümde ýaralanan 4 adam hassahanada bejergi astyna alyndy” diýdi.

Tatarystanyň lideri Rüstem Minnihanow hem sosial media arkaly beren habarnamasynda hüjüm sebäpli sebitde ýerleşýän käbir önümçilik kärhanalaryna zeper ýetirlendigini aýtdy.

Ukraina degişli 200-den gowrak dron hatardan çykaryldy

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada bolsa Ukraina degişli 231 dronyň Moskwanyň töwereklerinde hatardan çykarlandygy nygtaldy.

Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin sosial media arkaly beren habarnamasynda Moskwa tarap uçan 14 drony urup düşürendiklerini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa gije guralan uly göwrümli hüjümde 300-e golaý ukrain dronuny urup düşürendigini beýan edýär
Dron hüjümleri Russiýanyň günortasynda howa gatnawyny bökdedi
Ukrainanyň Luganskda guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ukraina Russiýanyň nebit ammaryna dron hüjümini gurady
Eýranyň Kuweýdiň halkara howa menziline guran hüjümi uçar saparlarynyň bökdelmegine sebäp boldy
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp