Ulag-logistika ulgamy döwrüň möhüm pudaklary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi II jiltlik kitabynda: Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr diýip nygtamak bilen, Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmeginiň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede türkmen halkynyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrmaga, durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini aýratyn belleýär.

Halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda dürli döwletleriň çäklerinden geçmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Ulag logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanylyp alynmagy, ýükleriň öz wagtynda çalt we arzan alyja gowşurylmagyna täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünjedir.

Türkmenistan BMG-niň çäklerinde halkara gatnaşyklarynda işjeň orny eýelemek bilen, anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag geçelgelerini döretmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde giň möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň ulag ulgamynda gazanan üstünlikleriniň we halkara derejesinde abraýynyň has-da pugtalanmagynyň aýdyň mysallary hökmünde şu günler geçirilýän halkara maslahat hem aýdyň subutnamadyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda iri halkara ulag forumlarynyň ençemesi geçirildi.Muňa mysal edip, 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyny, 2017-nji ýylyň maýynda Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny köpugurlaýyn ösdürmek meselesine bagyşlanan Ulag we logistika boýunça halkara maslahatyny, Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty görkezmek bolar.

Umuman, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm halkasy, hereketlendiriji güýji bolmak bilen, halkara ulag-logistika ulgamynyň ösüşinde wajyp orny eýeleýär. Ulag-logistika pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi durmuş-ykdysady ösüşler bilen özara sazlaşygy emele getirip, halkara hyzmatdaşlygyň, dünýä ýurtlary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine oňaýly täsir edýär.

Oguljemal AKYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Arkadagyň ylhamy kalbyň melhemi
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Aşgabatda türkmen obasynyň täze keşbi boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmen zenanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Zenan kalby ordeni bilen sylaglandy
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergi açyldy