Türkmen zenanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Zenan kalby ordeni bilen sylaglandy

Türkmen zenanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Zenan kalby ordeni bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, Zenan kalby ordeni bilen sylaglamak hakynda taryhy Karara gol çekdi.

Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli gol çekilen Karara laýyklykda, Arkadag şäheriniň häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri Gülşat Mämmedowa, Ahal welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginiň 1-nji abadanlaşdyryş bölüminiň bagbany Oguljemal Ataýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň mugallymy Mäzem Garlyýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 17-nji orta mekdebiniň mugallymy Nurjemal Jumageldiýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Maral Hemraýewa, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanjemal Berdiýewa Türkmenistanyň Zenan kalby ordeni bilen sylaglanyldy.

Belläp geçsek, Türkmenistanda bu orden ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, sowatly, giň gözýetimli, watançy, zähmetsöýer nesilleri kemala getirmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri bitiren zenanlara berilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň raýatlary Zenan kalby ordeni bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy