Ýurdumyzyň raýatlary Zenan kalby ordeni bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Zenan kalby ordeni bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar.Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar.Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Alnyp barylýan bu beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar.Olar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar, ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi has-da berkitmäge uly goşant goşýarlar.

Eziz enelerimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, sowatly, giň gözýetimli, watançy, zähmetsöýer nesilleri kemala getirmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde hem mähriban zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlary belent hormata mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň Zenan kalby ordeni bilen sylaglamaly:

Arkadag şäheriniň häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri Gülşat Sahyýewna Mämmedowany,

Ahal welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginiň 1-nji abadanlaşdyryş bölüminiň bagbany Oguljemal Ataýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň mugallymy Mäzem Garlyýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 17-nji orta mekdebiniň mugallymy Nurjemal Jumageldiýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Maral Jorakulyýewna Hemraýewany,

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanjemal Ýazmyradowna Berdiýewany.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

Ýene degişli makalalar

06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen zenanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Zenan kalby ordeni bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy