Uly energiýa bekedini gurarlar

Müsür we Birleşen Arap Emirlikleri dünýäniň iň uly ýel beketleriniň birini gurmak üçin ylalaşdylar.Müsürde guruljak desga gury ýerdäki iň uly ýel beketleriniň biri bolar.Nebit-gaz ýataklarynyň uly goruna eýe bolan bu iki ýurt arassa energiýa çeşmelerini hem artdyrmagyň aladasyny edýärler. Ägirt uly taslamany BAE-niň “Masdar” hem-de Müsüriň “Infinity” kompaniýalary bilelikde durmuşa geçirer. “Hassan Allam Utilities” kompaniýasy hem olara goldaw berer.

Müsür 2035-nji ýyla çenli sarp edilýän energiýanyň 42 göterimini arassa çeşmelerden almagy maksat edinýär. Täze desga gurlup gutarylanda bu maksatnama ýetmäge ýardam eder.

Bu barada berlen maglumatda ýel bekediniň Müsüriň her ýylda 5 milliard dollar tebigy gaz çykdajysyny tygşytlamaga ýardam eder.

Arslan Durdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Garaşsyzlykdan edilen tamalar çykmady - ýaşaýjylar
Prezident Erdogan Müsürde saparda bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäde iň meşhur bloger Müsür piramidalaryny kärendesine aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi