Uly kitap baýragynyň ýeňijileri

Uly kitap baýragynyň ýeňijileri

Geçen dekabr aýynda Russiýanyň Uly kitap (Bolşaýa kniga) edebiýat baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdiler. Sylag gowşuryş dabarasy Moskwada, Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Paşkow öýünde geçirildi.

Çeper proza ugrunda baýragyň eýesi Eduard Werkin boldy. Ol özüniň Darda asylan garga (Soroka na wiselise) romany üçin bu baýraga mynasyp boldy. Non-fikşn (ylmy edebiýat) boýunça Zoýa Boguslawskaýa ýeňiş gazandy. Ol Geleňsiz durmuş (Halatnaýa žizn) atly ýatlamasy üçin sylaglandy.

Iň gowy audiokitap ugrunda Ýana Wagneriň Ötük (Tonnel) romanynyň audiogörnüşi ýeňiş gazandy (okaýanlar — Wiktoriýa Isakowa, Kirill Radsig, Ýana Wagner, Grigoriý Perel we başgalar). Bu baýrak Uly kitabyň 20 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek gowşurylýar.

LiveLib maslahat beriş hyzmatynyň saýtynda okyjylaryň ses bermeginiň netijesinde Wera Bogdanowanyň Janlary duzlamagyň ýedi usuly (Sem sposobow zasolki duş) trilleri we Ýelena Lewkiýewskaýanyň Belarus rowaýatlary” öňe saýlandy.

Kommersant neşiriniň belleýşi ýaly, 2025-nji ýylda Uly kitap baýragy ilkinji gezek iki nominasiýa — Çeper proza we Non-fikşn boýunça berildi. Bu ýylky ýeňijileriň her biri 3 million rubl möçberinde pul baýragyny eýe boldy.

2024-nji ýylda birinji orun Alekseý Warlamowyň Odsun romanyna berlipdi. Ikinji orunda Mihail Şemýakin Meniň durmuşym: sürgünlige çenli atly awtobiografiýasy bilen, üçünji orunda bolsa Zahar Prilepin Itler we beýleki adamlar atly hekaýalar ýygyndysy bilen öňe saýlanypdy.

Uly kitap baýragy 2006-njy ýyldan bäri her ýyl gowşurylyp gelinýär. Baýraga rus dilinde ýazylan eserler we ilki başga dilde ýazylyp, awtorlaryň özüniň terjime eden işleri dalaşgärlik edip bilýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň goşunynyň Ukraina guraýan hüjümleri dowam edýär
Lawrow: "Günbatar Russiýa garşy gibrid söweş başlatdy" diýdi
Tennis boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri belli boldy
Kommersant “Rejebiň Ýeri Başga”
Putin, 36 Sagat Möhlet Bilen Hüjümleriň Bes Edilmegi Barada Görkezme Berdi
Russiýa: "Od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünini berjaý etmäge dowam ederis" diýdi