Uly klublaryň kiçi hasaply ýeňişleri

UEFA Çempionlar Ligasynda Italiýanyň “Inter” topary-da öz meýdançasynda “Arsenaldan” Hakan Çalhanoglunyň 45+3-nji minutda penaltiden geçiren goly esasynda 1-0 hasabynda üstün çykdy.Duşuşykda iňlis kluby 13 gezek burçdan urgy geçirdi. Ýöne ýer eýeleri 1 gezek hem bu statistikany gaýtalap bilmedi. “Bawariýa” hem öz meýdançasynda iň kiçi hasap bilen “Benfikany” ýeňlişe sezewar etdi. Şu wagta çenli “Bawariýany” ýeke gezek hem ýeňip görmedik “Benfikanyň” derwezesinden 3 utuk gazandyran goly Jamal Musiala geçirdi. 3-nji oýunlardan soň gol geçirtmezden 1-nji orny eýelän “Aston Willa” topary 4-nji duşuşyklarda bu derejesini ýitirdi.

Myhmançylykda “Klub Brýugge” bilen duşuşan birmingemliler 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Ýeke-täk goly Hans Wanaken 52-nji minutda penaltiden geçirdi. /* custom css */ .td_uid_15_672d56c92d04d_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_672d56c92d04d_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti germaniýaly işewürleri kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Ženewada BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi