Uly möçberde pul utan erkek kişi tukat durmuşyndan zeýrendi

Uly möçberde pul utan erkek kişi tukat durmuşyndan zeýrendi

2014-nji ýylda lotereýa oýnunda uly möçberde pul utan britaniýaly Nil Trotter şondan bäri durmuşynyň diýseň içgysgynç bolandygyny gürrüň berdi diýip, 360 neşirine salgylanýan Mir24.tv ýazýar.

Mehanik bolup işleýän Trotter lotereýa oýnunyň bütin taryhynda iň uly möçberde pul, ýagny 108 million funt sterling utan dördünji adam boldy. Ol utuşy öňünden syzandygyny, hatda ol barada işdäki kärdeşine-de gürrüň berendigini ýatlady.

Pul baýragyny alandan soňra erkek kişi özbaşdak kölli, birnäçe gymmatbaha ulaglary bolan kaşaň mülk satyn aldy. Ol şeýle-de garaşylmadyk baýlygyň hözirini gördi, göwnüniň isleýşiçe ýaşady.

Emma birneme wagtdan soňra Nil işsiz ýatmagyň özüne agyr düşüp başlandygyna düşündi diýip, Daily Star ýazýar.

Bikär ýatmak öwrenişmesi kyn endik ekeni. Men uzakly gün öýde telewizora seredip oturmagyň gaty tukatdygyna düşündim diýip, Nil Trotter gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Gladiator 24 ýyldan soň Kolizeýe dolandy
Nigeriýaly Aşpez 100 Sagatlap Nahar Bişirdi
Gogolyň Derňewçisiniň ilkinji neşiri satylar
Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tomusky ýoga meýilnamasyny paýlaşdy