Gogolyň Derňewçisiniň ilkinji neşiri satylar

Gogolyň Derňewçisiniň ilkinji neşiri satylar

Nikolaý Gogolyň meşhur Derňewçi komediýasynyň ilkinji neşiri 20-nji aprelde Russiýanyň Edebiýat gaznasynyň onlaýn söwdalaşygyna çykarylar, esere 7,5 million rubl baha kesildi diýip, söwda öýüniň metbugat gullugyna salgylanýan RIA Nowosti habar berdi.

1836-njy ýylda neşir edilen kitap aktýor Iwan Sosniskä (1794 1871 ýý.) degişlidir, ol komediýadaky Gorodniçiniň keşbini ilkinji bolup sahnada janlandyrdy. Kitap ilkibaşda aktýor Aleksandr Nilskiniň ýankitaby bolupdyr. Muňa kitapdaky birgiden bellikler hem güwä geçýär. Soň ol kitaby Sosniskä beripdir.

Söwdalaşyga şeýle hem Aleksandr Radişýewiň, Lew Tolstoýyň, Aleksandr Puşkiniň eserleriniň irki seýrek neşirleridir Marina Swetaýewanyň ýazyşan hatlary giriziler.

Ýene degişli makalalar

Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler  
Müsüriň piramidalarynyň gurluşygynyň syry öwrenildi
Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi, Türkmenistan Mir töleg ulgamyna birikdirilip bilner we beýleki habarlar
Gresiýada Günbatar Nil Wirusyna Ýoluganlaryň Sany Artdy
Jeýn Birkin aradan çykdy
Zenan Göreşçiler 3 Medal Aldy