Müsürde kiçi awtobus Nil derýasyna gaçyp, alty adam heläk boldy

Müsürde kiçi awtobus Nil derýasyna gaçyp, alty adam heläk boldy

Alty adam kiçi awtobus Nil derýasyna gaçyp, pida boldy. Waka Müsüriň Giza ülkesinde boldy diýip, Al-Masry Al-Youm neşirine salgylanýan Ren.tv habar berdi.

Hadysa ulag serişdesi paroma münende boldy, şol wagt sürüji bolsa ulagdan düşüp, ony gözegçiliksiz goýdy.

Neşiriň habaryna görä, kiçi awtobusyň içinde 26 sany işçi bar eken. Häzir gark bolanlaryň altysynyň jesedi tapyldy, ýene dokuz ýolagçy, şol sanda alty çaga hassahana eltildi, olaryň ýagdaýy belli däl.

Sürüji betbagtçylykdan soňra gaçdy, emma ony dessine sakladylar.

Ýene degişli makalalar

Köneürgençde täze şäherçäniň açylmagyna taýýarlyk wagtynda pajygaly ýagdaý ýüze çykdy
Gruziýanyň günbataryndaky derýanyň kenarlaryny öli balyklar tutdy
Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda 14 adam göz tussaglygyna alyndy
Ertir “planetalaryň ýörişi” bolar
Gonkongda meşhur ýüzýän garbanyşhana gark boldy
Eýranda güýçli ýertitreme bolup geçdi