Ertir “planetalaryň ýörişi” bolar

Ertir “planetalaryň ýörişi” bolar

Şu hepdede seýrek gabat gelýän astronomiýa wakasy bolup geçer. Gözýetimde birbada planetalaryň bäşisi — Merkuriý, Wenera, Mars, Ýupiter we Saturn bir hatara düzüler diýip, MIR24 habar berdi.

Bu hadysa resmi däl dilde “planetalaryň ýörişi” diýlip atlandyrylýar, oňa 23-nji iýundan 24-nji iýuna geçilýän gije syn edip bolar, özem planetalaryň käbirini eýýäm gije ýarymda görüp bolar.

Hadysanyň artykmaçlygy Wenera bilen Marsyň arasynda şöhle saçjak hilal aý (Aýyň orak görnüşi) bolar. Ol planetadan planeta iýunyň aýagyna çenli göçüş eder.

Planetalar gündogardan günorta ýaýylar. Günorta ýarym şarda ýaşaýan asmana seretmegi halaýanlar bu hadysany beýlekilerden ir görüp bilerler, özem munda planetalar biraz ýokarrakda ýerleşer.

Ýene degişli makalalar

Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary indi başga planetalardaky wagty hem görkezýär
Planetalar nyzama düzüler
Planetara stansiýasyny uçurmakçy
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
NASA başga planetalylar üçin niýetlenen nyşanyň dizaýnyny tanyş etdi
Asmanyň Kolumby