Tälimçi gitdi ýeňiş ýat boldy

UEFA Çempionlar Ligasynda 6-njy duşuşyklaryň çäginde ýaryşa şowly başlan “Sporting” topary tälimçisi çalşylanyndan soň özüni dürsemekde kynçylyk çekýär. Çempionatda-da yzly-yzyna utulan “Sporting” Çempionlar Ligasynda-da 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Myhmançylykda “Klub Brýugge” bilen duşuşan lissabonlylar 3-nji minutda Katamonyň goly bilen öňe geçse-de, üstünligini saklamak olara başartmady. Ýer eýeleri Kuarežmanyň 24-nji minutdaky awtogoly hem-de Nilseniň 84-nji minutdaky goly bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, ýaryşyň sýurpriz kluby “Brest” topary öz meýdançasynda PSW-ni Le Kardinalyň 43-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen ýeňip, 4-nji ýeňşini gazandy. /* custom css */ .td_uid_15_6759810877245_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6759810877245_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Şu gije Çempionlar Ligasyndaky soňky duşuşyklar geçiriler
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
“Real Madrid”, PSŽ, “Inter” toparlarynyň pleý-offdaky garşydaşlary belli boldy
“Milanyň” hem-de “Žironanyň” ilkinji ýeňşi
Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklar: “Liwerpul” “Real”, PSŽ “Bawariýa”, “Man. Siti” “Borussiýa D”