Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler  

Russiýalylar özlerini has-da buýsandyrýan rus edebiýatynyň nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyň atlaryny mälim etdiler. Sanawyň başyny Aleksandr Puşkin, Mihail Bulgakow we Fýodor Dostoýewskiý çekdi. Bu barada “Litres” kitap hyzmatlary kompaniýasy mälim etdi.

“Litres” kitap hyzmatlary kompaniýasynyň internet ulanyjylaryň arasynda geçiren pikir soralyşygynda olaryň Russiýanyň haýsy ýazyjy-şahyrlaryna buýsanýandygy ýüze çykaryldy. Sanawyň lideri Aleksandr Puşkin bolup, (78%) ikinji orny Mihail Bulgakow (68%) eýeledi. Üçünji orny Fýodor Dostoýewskiý (64%) eýeledi” diýlip beýanatda bellenilýär.

Şeýle hem sanawyň ilkinji bäşligine Anton Çehow girdi. Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 62%-i Anton Çehowa, 61%-i bolsa, Lew Tolstoýa ses berdiler. Russiýalylaryň iň buýsanýan iň gowy 10 nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyň sanawyna Sergeý Ýesenin (59%), Nikolaý Gogol (57%), Mihail Lermontow (56%) we Anna Ahmatowa (50%) we Korneý Çukowskiý (46%) girdi.

-Okyjylar birinji orny Aleksandr Sergeýewiçe berdiler. Çagalykdan ýüregimizde orun beren bu awtorumyzyň goşgularynyň köpüsini her birimiz ýatdan bilýäris. Gyzykly ýeri, top-10-a Marina Swetaýewa däl-de Anna Ahmatowa girdi, şeýle hem iň meşhur rus dramaturgy Aleksandr Ostrowskiý sanawda ýok, ýöne okyjylarymyz Korneý Çukowskini unutmadylar diýip, “Litres” kompaniýalar toparynyň baş redaktory Ýekaterina Pisarewa aýtdy.

Pikir soralyşygyň netijelerine görä, okyjylaryň 96%-i rus edebiýatynyň nusgawy ýazyjy-şahyrlaryna buýsanýar, 90%-i bolsa nusgawy eserleriň häzirki wagtda hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdi. Mundan başga-da, pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 66%-i olaryň kitaplarynyň Russiýanyň taryhyna öwrenmäge, 59%-i bolsa olar arkaly rus halkynyň ruhy dünýäsi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýändigine ynanýarlar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň beýik şahyrlary
Ahalyň täze merkezi Arkadag ýaşyl we akylly şäher şahadatnamalaryna mynasyp bolar, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşar, Täjigistanyň meşhur aýdymçysy Aşgabatda boldy
01.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň senagat, magdanlar we söwda ministrini kabul etdi
PSW-niň 24-nji çempionlygy
12.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygyny kabul etdi
Birinji oýunda “Ahal” ýeňiş gazandy