Dünýäniň iň beýik şahyrlary

Russiýada dünýäniň iň beýik şahyrlary barada pikir soralyşyk geçirildi.Pikiri soralanlar şahyrlar Aleksandr Puşkini (78%), Mihail Lermontowy (43%) we Sergeý Ýesenini (37%) iň beýik şahyrlar hasapladylar.

Beýik şahyrlaryň sanawynda Wladimir Maýakowskiý (14%) Aleksandr Blok (10%), N.A.Nekrasow (8%), Anna Ahmatowa (7%), Marina Swetaýewa (6%), Fýodor Týutçew (5%), Iozif Brodskiý (3%), Wladimir Wysoskiý (3%), Afanasy Fet (3%), Ýewgeniý Ýewtuşenko (2%), Boris Pasternak (2%), Iwan Bunin (2%) ýaly şahyrlaryň ady tutuldy.

Daşary ýurtly şahyrlardan William Şekspir (5%), Jorj Gordon Baýron (2%) öňe saýlandy.Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 11 göterimine bu sowala jogap bermek kyn boldy.

Iň halanýan nusgawy şahyrlary barada soralanda, jogap berenler ýene üç şahyry ýatladylar: Aleksandr Puşkin (31%), Sergeý Ýesenin (20%) we Mihail Lermontow (17%).

The post Dünýäniň iň beýik şahyrlary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler  
Ahalyň täze merkezi Arkadag ýaşyl we akylly şäher şahadatnamalaryna mynasyp bolar, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşar, Täjigistanyň meşhur aýdymçysy Aşgabatda boldy
01.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň senagat, magdanlar we söwda ministrini kabul etdi
PSW-niň 24-nji çempionlygy
12.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygyny kabul etdi
Birinji oýunda “Ahal” ýeňiş gazandy