Öwülýä Çelebiniň ömür beýany

Öwülýä Çelebiniň ömür beýany

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda tas Osman ülkesini we beýleki ýurtlary gezip, türk medeniýet taryhynda taýy görülmedik uly syýahatnama ýazan we ähmiýeti günsaýyn artýan şol eseri bilen bitewileşen Öwülýä Çelebiniň ömür beýanyny gürrüň bermekçi.

Hakyky ady doly belli bolmadyk we eserlerindäki ady bilen tanalýan Öwülýä Çelebi 1611-nji ýylyň 25-nji martynda Stambulyň Unkapany etrapçasynda dünýä inýär.Kakasy köşk zergär başysy Derwiş Mehmet Zillidir.

Ejesiniň asly abaza bolup, Ahmet 1-nji zamanasynda köşke getirilip, kakasyna durmuşa çykarylýar.Atalaryndan Ýawuz Özbek Fatih Soltan Mehmediň baýrakdary bolup işläpdir. 1 oglan we bir gyz jemi üç dogandyr.

Gören düýşüniň täsiri bilen ýola düşendigini beýan eden Öwülýä Çelebi, Osman döwrüniň 45 ýyllyk gündelik durmuşyny şöhlelendirýän 10 jiltlik ajaýyp Syýahatnama atly eserini ýazýar.

Ýaşlykdan köşkde bilim alan Çelebi, döwrüniň iň gowy alymlary bilen tanyşmaga, olary diňlemäge we olaryň dersine gatnaşmaga şert tapypdyr. Köşkde sesiniň gowudy sebäpli saz derslerini hem alypdyr. Köşde mahaly ýaşdygyna garamazdan kämilligi bilen tanalyp, 4-nji Murat gaharlanan mahalynda ony ýanyna çagyryp, söhbet eder ekeni.

Ilkinji syýahatyny Stambulyň içine gurasa hem 1640-njy ýylda kakasyndan habarsyz Bursa gidýär we şondan soň 44-45 ýylyň dowamynda bütin ýurdy garyşma-garyş gezip, görýär we ýazýar.Olary soň gaýtadan jiltler görnüşinde neşir edýär. Şeýlelikde Stambuldan başlan syýahat bütin Anadola, Rumeliýa, Kawkaza, Ýakyn Gündogara, Arap ýarym adasyna, Gündogar Ýewropa, Gara deňiziň etraplaryna we Müsüriň başda durmagynda Nil derýasynyň kenarlaryna, Sudana we Hebeşistana çenli dowam edipdir.

Müsüre guran syýahaty on ýyla golaý dowam edipdir. Ölen wagty anyk bilinmeýän hem bolsa, 1684-nji ýylda Stambulda dünýeden ötendigi çaklanylýar. Öwülýä Çelebi öýlenmändir.Eserlerindäki maglumatlara görä at sürmegi halaýandygy, çeýe we güýçli adamdygy, hemmeler bilen gowy düşünişýändigi, gürrüňçil, degişmeçi bolup, gatnaşan ýygnanşyklarynda sözüniň diňlenýändigi bilinýär.

Döwletde ýokary derejeli emeldarlary tanaýandygyna garamazdan ömrüni syýahata bahşeden Öwülýä Çelebi, syýahatlarynda kömek etmegi üçin wagtal-wagtal hat gatnatmak, obalary öwrenmek, salgyt ýygnamak ýaly işlerde işläpdir.

Käbir ilçileriň wekiliýetine goşulyp, uzyn syýahatlarynda howpsuz ýolagçylyk etmage şert tapypdyr.Gurply maşgaladan bolmagy syýahatlary üçin gerek serişdäni üpjün etmeginde ýeňillik döredipdir.Sebäbi syýahatynda gullary, kömekçileri ýa-da dostlary ýanynda bolar ekeni.

Eden hyzmatlary üçin alan sylaglary, saparlardan paýyna düşen oljalar we satuwdan alan girdejisi hem oňa goşmaça girdeji bolupdyr.Dosty Melek Ahmet Paşanyň Öwülýä Çelebiniň syýahatlarynda möhüm goşandy bolupdyr.

Bosniýada, Rumeliýada, Wanda, Diýarbekirde welaýat häkimi mahalynda ony ýanyndan aýyrmandyr.Anadoluda we Rumeliýada ençeme ýeri onuň saýasynda gezipdir. Şol sebäpli hem oňa “Melek Ahmet Paşa” diýlipdir. Ýarym asyra golaý dowam eden syýahatlarynyň saýasynda baý tejribe toplan Öwülýä Çelebi, şahyr, hatdat, nakgaş we sazanda bolupdyr. Şol ukyplaryny dürli ýerlerde subut edipdir. Şeýle hem gezen ýerlerinde gören miniaturaly we bezegli kitaplary hakynda eserlerinde maglumatlar bar.

Pespälligi saýasynda hemmeler bilen gowy düşünişmegi, dostlarynyň sanyny artdyrypdyr.Syýahatlarynda toparyna degişli bolan häkimler we serdarlar bilen hem arasy gowy bolupdyr.Emma olaryň kemçiliklerini hem aýtmakdan çekinmändir.

Öwülýä Çelebiniň eserlerinde umuman beýan çeperligi höküm sürýär.Usuly, käte gabat gelýän grammatiki ýalňyşlyklara garamazdan okyjyny özüne çekýär.Beýanynda gabat gelinýän edebi dile gabat gelmeýän käbir sözler, degişli sebitiň halkyň gepleşik diline orun berme maksadyndan gelip çykýan bolsa gerek. Öwülýä Çelebi baran ýerlerindäki halkyň diline we gepleşik dialektine aýratyn orun beripdir. Ýönekeý we içgin beýany, gepleşýän ýaly ýazylan sözlemler bilen her bir adama ýüzlenmegi maksat edinýär.

10 jiltlik Syýahatnama häzirki wagtda Topgapy Köşk muzeýiniň kitaphanasynda we 1928-nji ýylda Türk Taryh guramasy tarapyndan neşir edilipdir. 50 ýyla golaý wagtda ýazylan eser, beýan edişimiz ýaly özünde jemleýän taýsyz maglumatlaryň saýasynda günsaýyn hasam gymmatlanýar.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar
Ärdogan kasam kabul etdi
Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Daşary ýurtlarda Türkiýänyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ikinji tapgyry başlandy