Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar

Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar. Bu barada Anadolu habarlar gullugy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, şu gün Ärdogan parlamentde kasam kabul edip, Atatürk mawzoleýine barar. Soňra dünýäniň 80-den gowrak ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda wezipä girişmek dabarasy geçiriler.

Dabara tamamlanandan soňra Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini yglan eder.

Wezipä girişmek dabarasy Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da Türkiýäniň Milli mejlisinde geçiriler.

Belläp geçsek, Ärdogan Prezident saýlawlarynda 28-nji maýda geçirilen ikinji tapgyrda ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň döwlet ministri Türkiýedäki energetika forumyna gatnaşar
Rejep Taýyp Ärdogan halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar eder
Türk kompaniýalary Türkmenistanda $10 milliardlyk 19 taslamany durmuşa geçirýär
Gahryman Arkadagymyz Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Hazarüsti gaz geçirijisi arzuwy täzeden janlanyp bilermi?