Türkmenistanyň döwlet ministri Türkiýedäki energetika forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň döwlet ministri Türkiýedäki energetika forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti 22-nji noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek halkara energetika forumyna gatnaşar. Türkiýäniň Energetika ministrliginiň howandarlygynda Anadolu agentligi tarapyndan guraljak forum dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň energetika ministrlerini, halkara guramalaryň wekillerini, alymlary we pudagyň öňdebaryjy liderlerini bir ýere jemlär. Forumyň dowamynda dünýä energetikasynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň ýazmagyna görä, Umumy geljek, umumy maksatlar atly şygar astynda geçiriljek foruma gatnaşjylar energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkiýäniň orny, energetika geçişini maliýeleşdirmek strategiýalary, nebit we gaz bazarlarynyň ösüşi hem-de energetikanyň täze tehnologiýalary barada pikir alşarlar.

Hususan-da, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar we beýleki ýokary derejeli wekiller hem esasy bölümçä gatnaşarlar.

Halkara forumuň resmi saýtynda habar berilmegine görä, dünýäniň energetika pudagynyň öňdebaryjylary Türkiýede özara pikir alyşmaga we geljekki maksatlary kesgitlemäge mümkinçilik alarlar. Forum birnäçe bölümçelerde hem geçiriler. Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet ministri — Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew forumyň Ygtybarly geljek üçin töwekgelçilikler we mümkinçilikler atly ministrler bölümçesinde çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Saud Arabystany bilen 2 milliard dollarlyk energiýa maýa goýum şertnamasyna gol çekdi
Ärdogan Pezeşkiýan saýlawlarda üstün çykandan soňra Eýran bilen gatnaşyklaryň işjeňleşmegine garaşýar
Rejep Taýyp Ärdogan halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar eder
Türk kompaniýalary Türkmenistanda $10 milliardlyk 19 taslamany durmuşa geçirýär
Türkmen gazyny Ýewropa ibermegiň mümkinçilikleri maslahatlaşylýar
Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy