Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 28-nji maýda geçen ýurduň döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda saýlaw býulletenleriniň 99 göterimi sanalanda, sesleriň 52,6 göterimini gazandy diýip, ýurduň Merkezi saýlaw topary habar berdi.

Ärdogan Prezident saýlawlarynyň netijelerine demokratiýanyň baýramçylygy hökmünde baha berdi diýip, TASS ýazýar. Ol halkyň öňdäki bäş ýylda ýurdy dolandyrmaga özüne we egindeşlerine jogapkärçiligi ynanandygyny nygtady.

Gazeta.ru Ärdogany gaýtadan saýlanmagy bilen Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Taniniň, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň, şeýle-de Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Şawkat Mirziýoýewiň we Ilham Aliýewiň gutlandygyny habar berdi.

Türkiýäniň Anadolu döwlet habarlar gullugynyň getiren maglumatlaryna laýyklykda, Ýokary saýlaw komissiýasy saýlaw býulletenleriniň 99 göterime golaýy sanalandan soňra Ärdoganyň Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda sesleriň 52,21 we onuň bäsdeşi Kemal Kiliçdaroglunyň 47,79 göterimini alandygyny yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

ÝOKARY DEREJELI HALKARA FORUM DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Türkmenistanyň Prezidenti Katara sapar etdi
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Katar Döwletinde boldy
Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady