Ummanlar arassalanar

Önümçiligiň dürli ugurlarynda plastmassa giňden peýdalanylýar. Ýeterlik mukdarda gaýtadan işlenmeýän bu önümler ulanyşdan galansoň, köplenç tebigata taşlanýar.Bu ýagdaý esasan hem, uly deňizlerde we ummanlarda ýaşaýan jandarlara zyýan ýetirýär.

Plastmassa çüýşeler, balykçylaryň torlary we beýleki birnäçe zyňyndylar suw akymy arkaly Ýuwaş ummanynyň demirgazygyndaky belli bir ýere toplanýar. Ýuwaş ummanynyň uly zibil tegmili (“Great Pacific Garbage Patch”, GPGP) diýlip atlandyrylan bu ýeri arassalamak maksady bilen taslama işlenip taýýarlandy.

ABŞ-nyň Kaliforniya ştaty bilen Gawai adasynyň aralygyndaky bu meýdanda 1,8 trillion plastmassa böleginiň bardygy çaklanylýar.Zyňyndylaryň bu ýere üýşýändigi ilkinji gezek 1997-nji ýylda anyklanypdyr.Täze işlenip taýýarlanan äpet maşyn arkaly öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda 79 müň tonna zibiliň toplanmagy maksat edinilýär.

Bu taslamany “Ocean Cleanup” atly söwda maksatly bolmadyk firma işläp taýýarlady.Boýan Slat atly heniz 18 ýaşly talybyň pikiri bilen döredilen bu maşynyň diňe mikro ölçegdäki plastmassalary toplap bilmejekdigi aýdylýar.

Hünärmenler maşynyň deňiz jandarlaryna zyýan ýetirmejekdigini mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Kim, haçan oýlap tapdy?
Duzuň reňki nähili?
Iň beýik dag Ewerestmi?
Has köp hemrasy bar eken
Täze ýyl nirä, haçan gelýär?