Has köp hemrasy bar eken

Saturn planetasynyň orbitasynda täze 20 hemranyň bardygy anyklandy. Şeýlelikde, daşy halkaly planeta Ýupiterden geçip, iň köp hemrasy bolan planeta boldy.Gawaidäki “Subaru” teleskopy arkaly geçirilen barlaglaryň netijesinde tapylan hemralaryň diametriniň 5 kilometre barabardygy mälim edildi.

Indi Saturnyň 82 hemrasy bar. Ýupiterde bolsa 79 hemra bar.Täze tapylan hemralaryň 17-siniň orbitada Saturnyň tersine aýlanýandygy, ugurdaş aýlanýan iki hemranyň aýlawyny iki ýylda tamamlaýandygy anyklandy.

Iň uzak orbitada aýlanýan hemra öz aýlawyny 3 ýylda tamamlaýan eken.Waşingtondaky Karnegi bilim institutynyň ylmy işgäri Skott Şeppard bu açyşlaryň planetanyň emele gelşi barada täze maglumatlary toplamaga ýardam edip biljekdigini mälim etdi. Ýupiter 1990-njy ýyllardan bäri iň köp hemrasy bolan planeta hasaplanýardy.

Ýene degişli makalalar

Saturn bir kometany Gün ulgamynyň daşyna çykardy
Ýupiter syrlaryny açýar
Üç ýyl yza süýşürildi
NASA täze ekzoplanetany ýüze çykardy
Tangram
Asteroid, meteor we meteoridiň arasynda nähili tapawut bar?