Ummanlar içgin öwreniler

Hytaý ummanlary we Ýer ýüzündäki howanyň ýagdaýyny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berjek “Hayyang-1C” (HY-1C) emeli hemrasyny uçurdy. Ýurduň Bilim we tehnologiýa akademiýasy tarapyndan işlenip düzülen HY-1C Şansi welaýatyndaky Taýyuan kosmodromyndan “Long March-2C” raketasy bilen uçuryldy. Ýer ýüzüniň ähli ýerinde ummanlaryň ekologiýa ýagdaýyna we ýylylygyna, deňizýaka şäherlerde suwuň derejesine, adalara we ummanlara gözegçilik ediler. 5 ýyllap hyzmat etmegine garaşylýan HY-1C ummanlaryň reňkini we suwunyň ýylylygyny kesgitleýän hlorofil we beýleki organiki maddalar hem-de suwuň aşagynda bolup geçýän tebigy hadysalar barada hem maglumat toplamaga ýardam eder.

Hytaý ummanlary öwrenmek maksady bilen döredilen HY-1A-ny 2002-nji ýylda, HY-1B-ni 2007-nji ýylda uçurypdy.Geljek ýylda HY-1D atly ýene bir emeli hemra uçurylar.

Ýene degişli makalalar

Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy
Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy
Hytaý raketasynyň galyndylary Hindi ummanyna gaçdy
Hytaý kosmonawtlary uçuryldy
Ýeri asteroidden halas edýän taslama
Hytaý uzakdan duýgur emeli hemralary uçurdy
Hytaý Zhongxing-9B hemrasyny üstünlikli uçurdy