UNIDO Türkmenistana ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmekde goldaw bermäge taýýar

UNIDO Türkmenistana ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmekde goldaw bermäge taýýar

BMG-niň Senagat boýunça Ösüş Guramasy (UNIDO) Türkmenistana ekologiýa taýdan arassa önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen ýokary hilli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada UNIDO-nyň Baş direktory Gerd Müller duşenbe güni Er-Riýadda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi.

Gerd Müller guramanyň tehniki we maslahat kömegini bermäge, şeýle hem Türkmenistanyň 20222052-nji ýyllar üçin Milli durmuş-ykdysady ösüş Maksatnamasynyň çäginde wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça maslahatlary bermäge mümkinçilik bardygyny aytdy. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçihanasy habar berýär.

Toýguly Nurow Türkmenistanda senagat we gurluşyk pudaklarynyň ösdürilişi barada çykyş edip, sement zawodlarynyň işi, aýna önümçiligi kärhanalarynyň ösüşi we polat turbalary öndürýän zawodynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýew şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümet wekilleri, “dmg events” kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtly gurluşyk we inženerçilik kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Ýene degişli makalalar

47-nji kubogyny gazanan Messi futbolyň taryhyndaky iň köp asist eden futbolçy
Çempionatyň iň netijeli oýunçysy Kristiano Ronaldo
Lewandowski rekordy öz adyna geçirdi, “Werder” 41 ýyldan soň aşaky liga düşdi
Çempion “Atletikomy” ýa-da “Real”! “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda
Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy
“Bundesliga” diýmek “Bawariýa” diýmek