Uruş Dowam Edýärkä Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilmez

Uruş Dowam Edýärkä Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilmez

Stoltenberg, düýn Litwanyň paýtagty Wilnýusda geçirilýän NATO-nyň liderler maslahatynyň birinji günkü oturlyşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Ukraina harby taýdan kömek berilmegi boýunça ylalaşylandygyny, syýasy gatnaşyklary ösdürmek üçin NATO-Ukraina geňeşiniň döredilendigini beýan eden Stoltenberg, liderleriň Ukrainanyň NATO agzalyga kabul etjekdigini ýenede bir gezek nygtandyklaryny aýtdy.

Baş sekretar Stoltenberg Ukraina üçin syýasy we harby käbir kriteriýalary özünde jemleýän Agzalyk boýunça iş maksatnamasynyň bes edilendigini, onuň hem agzalyk tapgyryny ikiden bire düşürendigini aýtdy.

Stoltebberg; “Ýaranlar ylalaşyp, şertler ýerine ýetirilenden soň Ukraina NATO goşulmagy üçin çakylyk ugratjakdygymyzy aç-açan görkezdik” diýdi.

Stoltenberg Ukrainanyň berjaý etmeli şertleriniň nämelerden ybaratdygy hakynda bolsa ; “İki tarapy bar. Birinjisi goranyş we howpsuzlyk edaralaryny näderejede döwrebaplaşdyrarlar, galplyga garşy göreş bilen bilelikde dolanşygy nähili güýçlendirerler? Bular NATO-nuň her bir agzasy üçin seljerýän ugurlary.

Sebäbi durnukly dolanşyk we güýçli goranyş hem-de howpsuzlyk guramalarynyň bolmagyny isleýäris. Şeýle hem NATO bilen işleşjek ýaragly güýçler isleýäris. Goranyş we howpsuzlyk guramalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin iş alyp baýarys.

Beýleki bir tarapy bolsa Ukrainada dowam edýän söweş. Ukrain esgerleri bütin dünýäde täsir galdyran batyrgaýlyk görkezdiler. Emma ähli ýaranlar söweş dowam edýärkä Ukrainany agzalyga kabul etmezlik boýunça ylalaşýar” diýdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Wilnýusyň merkezinde berilen Ukrainanyň NATO agzalygyna goldaw konsertiniň açylyşynda sözlän sözünde, NATO-nuň Ukrainanyň howpsuzlygyny üpjün etjekdigini, Ukrainanyň bolsa NATO-ny hasam güýçlendirjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar
Stoltenberg Gruziýanyň NATO we ÝB-ne Agzalygyny Goldaýar
Şwesiýa NATO Agza Boldy
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi