Uruş ýyllarynyň edermenligi hakynda kino sungatynyň dili bilen

“Aşgabat” kinoteatrynda 10-12-nji maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygyna bagyşlanan “Hemmämiize mukaddes Ýeňiş!” ady bilen filmleriň tematiki görkezilişi boldy. Tomaşaçylara kino sungatynyň altyn gaznasyna giren sowet döwrüniň belli filmleriniň bäşisi görkezildi.

Ol režissýor Bulat Mansurowyň “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürilen “Ölüm ýokdyr, oglanlar!” filmi bilen açyldy.Onda urşuň soňky günleri amerikanlylaryň basyp alan ýerine böwsüp çykjak bolýan faşistlere garşy deň bolmadyk söweşe giren sowet esgerleriniň kiçiräk topary barada gürrüň berilýär.

Gabawa düşendirin öýden nemes generaly diňe çini deň adam bilen barlyşyk barada gepleşik geçirjekdigini aýdýar.Onsoň ýaşy boýunça iň ekabyry kapitan Mämmet Badaýew sowet generaly bolup gepleşik geçirýär.

Harby lybasyna ýoldaşlaryndan alan orden-medallaryny dakýar-da, özüni general Mämmet Änewli diýip tanydýar...Bu film öz janyny orta goýup, sany has köp duşmany togtadan wzwodyň esgerleriniň edermenligi we ugurtapyjylygy barada gürrüň berýär.

Wepat bolan esgeriň: “Ölüm ýokdur, oglanlar!” diýen sözi bolsa, az galan batyrlar üçin gaýduwsyzlyga çagyryş bolýar!

”Özbekfilm” kinostudiýasynyň önümi bolan ýüreklere güýçli täsir edýän “Leningradlylar- meniň perzentlerim” atly film görkezilişleri dowam etdi. Režissýor Damir Salimowyň filminde açlygyndan ýogalýan hossarlarynyň ölüminiň adaty zat bolup, gyzjagazlaryň gurjaklar bilen eneli-gyz oýnuny oýnamaga derek, adamlaryň jaýlanyşyny oýnaýan gabawa düşen Leningradyň elhençlikleri takyk görkezilýär. Çala demi gelip gidýän çagalary Daşkende alyp barýan eşelondaky bu gürrüňiň täsirini diýsene!

-Ölmäweri, gyzjagaz, ynha, basym Daşkende geleris welin, garnymyz nandan doýar.

-Näme üçin Daşkentde çörek kän?

-Sebäbi o taýy yssy, ýylboýy Gün çykyp dur. Onsoňam o taýda köçelerde üzüm kän. Doýynçaň iýibermeli.

Film 100 müň çagany maşgalalara we çagalar öýlerine terbiýelemäge alan özbek halkynyň çäksiz mähribanlygy we akgöwünliligi barada gürrüň berýär. Tomaşaçylar çagalar öýüniň müdiri Hatyja Batyrowanyň mysalynda döwülen çaga ýürejiklerine em tapmak üçin, gör, näçe kynçylyklara döz gelmeli bolýandygyna göz ýetirýärler.

Leonid Bykowyň Dowženko adyndaky kinostudiýasynda goýan “Söweşe diňe “ussatlar” girýär” filmi öz wagtynda uly üstünlik gazanypdy.Zeminde uruşlaryň wagtlaýyndygyna, aýdym-sazyň bolsa müdimiligne ynanýan, ikinji eskadrilýanyň aýdym aýtmagy halaýan uçarman-istrebitelleri durmuşa söýgüsi we ýagşy umytlary bilen tomaşaçylaryň ýüreginde orun tutupdylar. Ýöne näme üçin film “Söweşe diňe “ussatlar” girýär” diýlip atlandyryldyka?

Sebäbi bu eskradrilýada howa söweşine ilki bilen tejribeli uçarmanlar girmeli diýen asylly ýörelge bar. Ýöne uruş pidasyz bolmaýar...Filmde zehinli ýaşlaryň gurban bolmagy ýürekleri elendirip, urşuň bimanylygyny görkezýär.

Rezo Çheidzäniň “Gruziýafilm” kinostudiýasynda surata düşürilen “Esger atasy” filminiň wakalary hakykatdan-da durmuşdan alnan.Obada ýaşaýan Georgiý Maharaşwili oglunyň harby-gospitla düşendigini bilensoň, onuň halyndan habar almaga gidýär.

Kakasy gospitala ýetinçä ogly gutulyp, ýene söweş meýdanyna gidýär. Üzüm ýetişdirýän daýhan ýaşuly näme bolsa-da eziz perzendini tapmagy ýüregine düwüp, motoatyjylar bölümine gulluga durýar.Söweş ýollary gruzin daýhanyny Germaniýa getirýär.

Onuň duşmanyň ýurdunda hem döwlen üzüm çybygyna nebsi agyryşy ynsanperwerligiň belentligini görkezýär.Berline ýetip, ogluna duşanda bolsa, ol agyr ýaralanyp, atasynyň elinde jan berýär...

... Komsomollar wzwodyndan ýaşlaryň 18-sine nädibem bolsa nemes tanklarynyň hüjümini togtatmak buýrulýar. Olar janyndan geçip wezipä hötde gelipdiler. Bu elhenç söweş bolan ýerde doganlyk mazary ýatyr. Leonid Bykowyň “Bir, iki, üç-esgerler etdi söweş...” atly Dowženko adyndaky kinostudiýasynda surata düşürilen filmi, ine, şeýle başlanýar.

Şondan 30 ýyl geçen soň sowet goşunynyň serkerdesi Konstantine deň bolmadyk söweşde wepat bolan 18 komsomolyň hatyrasyna duşuşyga çakylyk gelýär. Gurban bolan gahrymanlaryň nebereleri duşuşýarlar, ýöne häsiýetleri dürli bolansoň, birbada dil tapyp bilmeýärler. Şol elhenç söweş barada anyk bilenlerinden soň atalarynyň gahrymanlygyna buýsanan çagalary bir-birege hossar ýaly ýakyn bolýarlar.

Uruş ýyllary hakda dartgynly hem ýürek elendiriji, bagtyýar durmuşda ýaşamaly ýaşlaryň ömür tanapynyň adamzat taryhyndaky iň gandöküşikli uruş zerarly kesilendigi baradaky bäş film Beýik Ýeňşiň gahrymanlarynyň hatyrasyna belent sarpa goýmakdyr, häzirki diri gezip ýörenlerimize bolsa, Parahatçylygyň we erteki güne ynamyň ömrümiziň iň uly gymmatydygyny ýatladýar!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary kabul edildi
Baý russiýalylaryň girdejileri ýylyň başyndan bäri 13 milliard dollar artdy
Türkmenistan bilen Russiýa bilelikde sanly parlament kitaphanasyny dörederler
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen Aşgabada geldi
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Aşgabada geldi
Ýewropanyň dürli künjeklerinde Roždestwo güni haýsy aýdymlar aýdylýar?