Ussatlyk menzilleri

Hormatly Prezidentimiz medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli işlemekleri üçin uly alada edýär.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe heýkeltaraşlyk sungatynyň gülläp ösmeginiň esasynda hem hut şol alada aýdyň duýulýar.

Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ägirt uly gurluşyk taslamalary durmuşa geçirilýär.Döwrebap arhitektura gymmatlygyna eýe bolan şol binalaryň kaşaňlygy hem-de gözelligi olaryň ýanaşyk meýdançalarynyň we beýleki ýerleriniň göze gelüwliligine baglydyr. Şeýle gözel desgalary heýkeltaraşlaryň elinden çykan ajaýyp eserler has görklendirip, oňa nusgalyk äheň berýär. Şu gözellikleri döredýän ussatlaryň biri hem halypa heýkeltaraş Babasary Annamyradowdyr.

Halypa heýkeltaraşyň ady häzir ýurdumyzdan has alysda hem tanalýar.Sebäbi ussadyň özboluşly döredijilik täri köpler üçin tanyşdyr.Halypanyň geçen durmuş menzilleri barada hem bilmek gyzykly.Ussat heýkeltaraşyň çagalygy Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda geçýär.

Onuň hünärine bolan söýgüsi çeperçilik ugrundan bilim almagyna itergi berýär. 1971-nji ýylda ussat heýkeltaraş Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär.Babasary Annamyradowyň Aşgabat şäherinde, Argentinada, Moskwada, ABŞ-da, Türkiýede, Fransiýada we beýleki ýurtlarda sergileri guraldy.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde bina edilen “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky “Baky ot” ýadygärliginiň taslamasy hem bu ussat heýkeltaraşyň ukyp-başarnygynyň netijesidir.Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabat şäherimiziň merkezinde “Ylham” seýilgähinde oturdylan 47 sany türkmen halkynyň beýik taryhy şahsyýetleriniň heýkelleriniň işlerine hem ussat heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň hut özi işjeň gatnaşdy.

Indi ençeme ýyl bäri ýaş heýkeltaraşlara halypalyk edýän B.Annamyradow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sungatynyň nazaryýet esaslarynyň çuňlaşmagy hakynda hem çuňňur alada edýär.Her bir sungat eseriniň mazmunyny we esasy öňe sürýän pikirini ýaşlara düşündirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň aladasy bilen gülleýän eziz Watanymyzyň döwrebap keşbiniň has-da gözelleşmeginde ussat heýkeltaraşyň uly goşandy bar.

Annajahan Sapargeldiýewa,Türkmenistanyň döwlet çeperçilikakademiýasynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Bäşim Nuralynyň uçgunlary Bagtyýar ýaşlar
10.10.2017 | Uly ýaşly nesilleriň wekillerine Hormatly il ýaşulusy diýen at dakyldy
Babasary Annamyradow bilen Abat Muhadowa aşgabatlylary öz toplan eserleri bilen tanyşdyrdylar
Babasary Annamyradow: çeýelik öwüşginleri we söýgi zehini