Volvo satuwlaryny 27 göterim azaltdy

Volvo satuwlaryny 27 göterim azaltdy

Şwesiýanyň Volvo Car AB awtoulag öndürijisiniň satuwlary iýunda ýyllyk hasaplamada Hytaýda girizilen lokdaunlar bilen baglylykda emele gelen düzüm bölekleriniň ýetmezligi sebäpli, 26,9 göterim azaldy. Iýunda kompaniýa bir ýyl mundan öň 68224 sany awtoulag satuwynyň ýerine 49904 sany maşyn satdy. Bu barada Volvo kompaniýasynyň metbugat habarnamasynda aýdylýar diýip, Interfax.ru ýazýar.

Awtoulagyň düzüm bölekleriniň gytlygy, esasan, elektrik ulaglaryň we gibrid awtoulaglaryň önümçiligine güýçli täsir etdi.

Netijede, satuwlar Ýewropada 1,4 esse, ýagny 16 039 birlige, Hytaýda 1,3 göterim, 16 468 awtoulaga, ABŞ-da - 31,2 göterim, 8434 birlige çenli kemeldi.

Martda Volvo ýarymgeçirijileriň ýetmezçiliginiň kompaniýanyň önümçilik möçberlerine ikinji çärýekde ýaramaz täsir etjekdigini duýdurypdy. Häzir kompaniýa öz ulaglaryna islegiň ýokarydygyny, önümçilik babatda öňegidişligiň bardygyny nygtaýar.

Emma Volvo Cars elektrik we gibrid awtoulaglar üçin düzüm bölekleriň üçünji çärýekde-de dowam etjekdigini habar berdi.

Şu ýylyň başyndan bäri Volvo kompaniýasynyň paýnamalary 23 göterim arzanlady.

Ýene degişli makalalar

Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi
Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Maryda ýagan ýagyş ýol polisiýasynyň 'elini giňetdi'
Marynyň polisiýasy guratlyk barlagyndan geçmedik ulaglary awlaýar’
Kiçi göwrümli ulagyny tanyşdyrar
Ulaglary ada geçirmek, guratlyk barlagy gymmatlady, sebäbi düşündirilmedi