Warank: "Türkiýäni iň möhüm önümçilik merkezleriniň biri ýagdaýyna getirmek isleýäris" diýdi

Warank: "Türkiýäni iň möhüm önümçilik merkezleriniň biri ýagdaýyna getirmek isleýäris" diýdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Sakarýa welaýatynda alýuminiý pudagynda iş alyp barýan ASAŞ Alýuminiý fabrigine baryp gördi, ol ýerde alynyp barylýan işlere gözegçilik etdi we ýolbaşçylaryndan maglumat aldy.

Gözegçilik işlerinden soň Mustafa Warank, fabrigiň Türkiýede alýuminiý pudagy boýunça iň uly kärhanalaryň biridigini belläp: "ASAŞ alýuminiý pudagynda relsli ulgamlardaky önümlerden alýuminiý folga çenli ähli görünşli önümleri öndürip bilýär, Türkiýäniň iň uly 100 kärhanasynyň biri bolup, geçen ýyl 550 million dollar girdeji aldy, dünýäde 90-dan gowrak ýurda eksport amala aşyrýan firmamyzdyr" diýip habar berdi.

Mustafa Warank: "Türkiýäni iň möhüm önümçilik merkezleriniň biri ýagdaýyna getirmek isleýäris. ASAŞ hem öndürýän önümleri bilen alýuminiý pudagynda bazara çykarýan önümleri bilen, relsli ulgamlardan awtoulaga, goranyş senagatyndan gaplaýyş pudagyna çenli öndürýän biri-birinden tapawutly önümleri bilen goşulan baha emele getirýär. Nesip bolsa öňümizdäki döwürde Sakarýada goýjak täze maýa goýumlary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşant goşmaga dowam eder" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Sakarýa Ýeňişiniň 103 Ýyllygy Bilen Gutlady
Gara deňizdäki tebigy gazdan garaşylýan tamalar artdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gara deňizde täze buraw işleri başlady
Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny