Waşingtonda “Merkezi Aziýa ABŞ” işewürlik maslahaty geçiriler

Waşingtonda “Merkezi Aziýa  ABŞ” işewürlik maslahaty geçiriler

ABŞ-nyň Döwlet Departamenti we Kennedi merkeziniň gurnamagynda penşenbe güni Waşingtondaky Kennedi adyndaky ýerine ýetiriş sungatlary merkezinde işewürlik maslahaty geçiriler. Çäre “C5+1” diplomatik formatynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet Departamenti sişenbe güni habar berdi.

Maslahata ABŞ-nyň hem-de Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, we Özbegistanyň döwlet we işewür düzümleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns, ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Riçard Grenell we beýlekiler çykyş ederler. Kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky esasy plenar mejlise ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau başlyklyk eder.

Habarda bellenilşi ýaly, bu çäre söwda, maýa goýumlary we bilelikdäki taslamalar boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ABŞ bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin möhüm meýdança bolar.

“C5+1” formaty 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen baş diplomaty Waşingtonda ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY BARADA
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy barada
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Türkmen hökümetiniň goňşy Eýrandaky hüjümler barada dymmagy ilatda howatyrlanma döredýär