WATANÇY, ŞAHYR ŞALY KEKILOW

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde şahyr Şaly Kekilowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlap Watançy, şahyr Şaly Kekilow atly söhbetdeşlik geçirdi.

Kitaphana hünärmeni Şaly Kekilowyň ömri we döredijilik ýoly barada hem-de ýazyjynyň döreden eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemeklikdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri berdi. Şaly Kekilowyň “Kareliýa jeňňelinde” poemasynyň tebigatyň üsti bilen adam duýgularyny açyp görkezmekde-de çeperçilik serişdelerini ýerlikli ulanmakda-da ynsanyň watançylyk duýgularyny täsirli şekillendirmekde-de şol döwrüň nusga bolar ýaly ajaýyp eserdigi hakynda hem giňişleýin gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşant şahsyýetleriň eserlerini öwrenmeklige giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

KITAPHANALAR BILIM HAZYNASY
BEHIŞDI BEDEWLER GÖZELLIGIŇ NUSGASY
Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'
“Konstitusiýa we Baýdak-mizemez mukaddeslikler”
“Kanunym hem baýdagym asudalygym hem buýsanjym”
“Keşdeçilik-gadymy hem-de müdimi sungat”