KITAPHANALAR BILIM HAZYNASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy esasynda Kitaphanalar - bilim hazynasy ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ruhy medeniýetiniň gaýtadan dikeldilendigi, ýaş nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermekde, olary hakyky watançylar edip terbiýeläp ýetişdirmekde kitabyň we kitaphanalaryň tutýan orny diýseň uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň kitaphanalarynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, dürdäne kitaplar, şeýle hem türkmen we dünýä edebiýatynda uly yz galdyran ýazyjy-şahyrlaryň eserleri bilen üpjün edilendigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

WATANÇY, ŞAHYR ŞALY KEKILOW
Ýaňlansyn dünýäde çaga gülkisi
Kitaphana ýaş okyjylary sylaglaýar
BEHIŞDI BEDEWLER GÖZELLIGIŇ NUSGASY
Bagt Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz bagtyýar döwrümiziň beýik ösüşleriniň ylham çeşmesidir
Kitaphana- paýhaslar öýi