Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Bagt Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz bagtyýar döwrümiziň beýik ösüşleriniň ylham çeşmesidir ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda mähriban halkymyz goşa baýramçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden toýlaýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Baş Kanuny bolmak bilen, her bir raýatymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili bolup hyzmat edýändigi, biziň asuda, demokratik ýol bilen erkin ösýän ajaýyp Watanymyzda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň esasy maksady raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybarat bolup durýandygy, ýurdumyzyň esasy sütünleri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligini, gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen deňäp bolmaýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeklerinde halkymyzy, Watanymyzy, Döwlet baýdagymyzy, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar!
