Gözelligiň göwher gaşy - Aşgabat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Gözelligiň göwher gaşy - Aşgabat ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleri halkymyzy guwandyrýandygy, buýsandyrýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de gözel paýtagtymyz Aşgabadyň tanalmaz derejede özgerip, gözel keşbi görenleri haýrana goýýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady
Bagt Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz bagtyýar döwrümiziň beýik ösüşleriniň ylham çeşmesidir
GÖZELLIGE BESLENEN EL HÜNÄRLERI
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
“Keşdeçilik-gadymy hem-de müdimi sungat”
'El çarpylýan goşgularyň' uzaga çeken meşhurlygynyň açylmadyk syry