GÖZELLIGE BESLENEN EL HÜNÄRLERI

GÖZELLIGE BESLENEN EL HÜNÄRLERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gözellige beslenen el hünärleri ady bilen Gökderedäki Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler merdana türkmen halkymyz, ene-mamalarymyz milliligimizi, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy uzak heňňamlaryň dowamynda pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap, şu güne çenli ýetirilip, has-da kämilleşdirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary milli gymmatlyklardan döräp, kämilleşip, sungat derejesine ýetirilip, türkmen gözelliginiň, ruhubelentliginiň, şahandazlygynyň, milliliginiň owadan taraplary milli däp-dessurlarymyzda, millilige ýugrulan ýörelgelerimizde jemlenendigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Gözelligiň göwher gaşy - Aşgabat
Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady
Bagt Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz bagtyýar döwrümiziň beýik ösüşleriniň ylham çeşmesidir
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
TÜRKMEN MILLI OÝUNLARYNYŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
“Keşdeçilik-gadymy hem-de müdimi sungat”