WENGRIÝADA TÜRKMEN ALYMLARY TARAPYNDAN MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI BARADA TÄZE TAPYLAN GOLÝAZMALAR

WENGRIÝADA TÜRKMEN ALYMLARY TARAPYNDAN MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI BARADA TÄZE TAPYLAN GOLÝAZMALAR

Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary şahyryň ömri we döredijiligi bilen, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy, edebiýaty we medeni mirasy bilen baglanyşykly çap edilen hem-de golýazmalar çeşmelerini ýüze çykarmakda uly göwrümli işleri alyp barýarlar.

Alymlar Russiýa Federasiýasynda we Özbegistan Respublikasynda ylmy, döredijilik saparlarynda bolup, ençeme gymmatly maglumatlary getirdiler.

Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada täze taryhy maglumatlary tapmak maksady bilen institutyň ylmy kätibi K.Janbekowyň we institutyň türkmen taryhynyň golýazmalar çeşmeleri bölüminiň uly ylmy işgäri N.Gylyçdurdyýewiň Wengriýa döwletine bolan ylmy sapary has-da netijeli boldy.

Alymlar awgust aýynda tutuşlygyna diýen ýaly Wengriýanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasynda we maglumat merkezinde işlediler. Olara Wengriýa döwleti tarapyndan dürli goldawlar berildi.

Wengriýaly hünärmenler bu kitaphanada on müňden gowrak arap, pars we gadymy türk golýazmalarynyň bardygyny habar berdiler we bu golýazmalaryň kataloglaryny öwrenmäge mümkinçilik döretdiler.

Kitaphananyň gaznalarynda saklanýan wenger dilşynasy-türkolog, etnografy we türkmen topragynda bolan syýahatçy Armeniý Wamberiniň mirasynyň toplumy türkmen alymlarynda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Işiň dowamynda Wamberiniň mirasynda saklanýan golýazmalardan biriniň hut bir türkmenden alnandygy anyklandy.

Bar bolan maglumatlara görä, ol golýazma Magtymguly Pyragynyň galamyna degişli üç goşgusy bilen başlaýar we ondan başga-da golýazmada Nurmuhammet Andalyp, Meşrep, Misgin ýaly türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgulary bar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hünärmenleri Magtymguly Pyragynyň goşgularyny öz içine alýan golýazmany üns bilen gözden geçirdiler we onuň ýokary hilli reňkli elektron nusgasyny aldylar.

Wengriýanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasy we maglumat merkeziniň golýazma gaznasynda işlän döwründe türkmen alymlary Magtymgulynyň mirasy bilen baglanyşykly ylmy jemgyýetçilige öň näbelli bolan iki golýazma tapdylar.

Bu möhüm ylmy tapyndylaryň nusgalaryna goşmaça türkmen halkynyň edebiýaty, taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly golýazmalaryň jemi 70-siniň elektron nusgalary Türkmenistana getirildi. Olaryň 39-sy türkmen, 22-si pars we 7-si arap dilindedir.

Bu täze tapylan taryhy çeşmeler Magtymgulynyň we türkmenleriň beýleki taryhy şahsyýetleriniň döredijilik mirasyny çuňňur öwrenmekde alymlara uly kömek eder.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň Budapeşte eden ylmy we döredijilik sapary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň awgust aýynda Wengriýa bolan iş saparynyň dowamynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryndan başga-da iki ýurduň medeni, ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Iýun aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen Aşgabatda bolan duşuşygynda Wengriýa tarapynyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrylandygyny hem belläp geçmelidiris.

Ýene degişli makalalar

Budapeştde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri görkezildi
Wengriýanyň Prezidenti wezipesinden çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmen diplomaty Wengriýanyň resmi adamlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
ÝB, Ukraina 50 Milliard Ýewrolyk Kömek Berer
Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler