Wengriýanyň Prezidenti wezipesinden çekildi

Wengriýanyň Prezidenti wezipesinden çekildi

Wengriýada çagalara zulum etmek sebäpli azatlykdan mahrum edilen bir adamyň günäsini geçmegi sebäpli, oppozisiýa başda bolmak bilen halk köpçüligi tarapyndan reaksiýa bildirilen Prezident Katalin Nowak "ýalňyşlyk edendigini" belläp, wezipesinden çekildi.

2023-nji ýylyň aprel aýynda çagalara zulum etmek sebäpli azatlykdan mahrum edilen bir adamy Prezident hökmünde günäsini geçendigi ýüze çykanyndan soň, Katalin Nowaka oppozisiýa başda bolmak bilen halk köpçüligi tarapyndan nägilelik bildirildi.

Nägilelikleriň artmagy sebäpli Katarda resmi saparda bolan Prezident Katalin Nowak, ýurduna gaýdyp bardy. Katalin Nowak paýlaşan wideo ýüzlenmesi bilen ýalňyşlyk edendigini we wezipesinden çekilýändigini habar berdi.

Premýer-ministr Wiktor Orban hem reaksiýalara biperwaý garamady.

Premýer-ministr Wiktor Orban çagalara zulum etmek sebäpli azatlykdan mahrum edilen bir adamyň günäsiniň geçilmegini ortadan aýyrýan konstitusiýa üýtgetme girizilmegini teklip etjekdigini beýan etdi.

Katalin Nowak tarapyndan günäsi geçilen adam, mekdepleriň birinde çagalara zulum eden bir resminiň eden günäleriniň üstüni ýapmak we jenaýata şäriklik etmek sebäpli azatlykdan mahrum edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Gyssagly! Daşogzuň ýaşaýjylary çagalar baglaryndaky tölegleriň on esse gymmatlandygy sebäpli häkimligiň öňünde protest aksiýasyny gurnadylar
Daşoguzda çagalar baglarynyň tölegleriniň ýokarlanmagyny adamlar protest edýärler
Daşoguzdaky töwellaçy magaryfçy protesti öjükdirmekde’ aýyplanýar
Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyna syn. Aziada wagty we ondan soňra