Wera Bazarowa we Wladimir Mkrtumow XIX asyr şahyrlarynyň goşgularyna romanslar bilen tomaşaçylary begendirdiler

Türkmenistan kinokonsert merkezinde rus romansyna bagyşlanan tapgyrdan ilkinji konsert boldy.Wera Bazarowa rus şygryýetiniň Altyn asyr diýlip atlandyrylan XIX asyr şahyrlarynyň goşgylaryna romanslary ýerine ýetirdi.Sazly-şahyrana agşam Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň roýalda sazandarlyk etmeginde Pýotr Bulahowyň meşhur Ýatlamalarymy oýarma eseri bilen açyldy.

Wera Bazarowa temblere baý we ýürek törüne ýetýän ajaýyp owazy bilen diňleýjileri özüne maýyl etdi.Ol romanslaryň 12-sini, şol sanda Ýalpylda, ýalpylda parlak ýyldyzym, Saba säher ol jenany oýarma, Ümür çagy meň alawym ýalpyldar, Penjirä eteginde zarynlady goşa gitara, Ýok, ol ýigit söýmändi ýaly aýdymlary ýerine ýetirdi.

Tomaşaçylar uzaga çeken el çarpmalar bilen aýdymçyny sahnadan goýbermänsoň ol Turbinleriň durmuşy kinofilminden Bilbil uzak gije saýrady romansyny hoş labyzly aýtdy.Wera Bazarowa biziň bilen söhbetdeşlikde wokal hünäri boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlandygyny aýtdy.

Ol tanymal aýdymçy, SSSR-iň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewadan wokal sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýär.Wera Bazarowanyň repertuaryndaky 500-den gowrak aýdymyň aglabasy gadymy romanslar we uruş ýyllarynyň aýdymlarydyr.

Onuň aýtmagyna görä, ussat pianinoçy Wladimir Mkrtumow bilen bilelikde rus romansyna bagyşlanan tapgyra gatnaşýandygyna begenýär.Wladimir Mkrtumow, öz gezeginde, şu tapgyrdan indiki konsertlere hem rus şygryýetiniň we aýdym-sazlarynyň muşdaklarynyň gowy baha berjekdigine umyt bildirdi.

Sazly-şahyrana agşamy kärdeşimiz, žurnalist Žanna Powelisina alyp bardy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda operetta agşamy geçiriler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Halk saz gurallary
Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn