Winni Puhy döreden Wladimir Zuýkow aradan çykdy

Winni Puhy döreden Wladimir Zuýkow aradan çykdy

"Winni Puh" we "Film, film, film" animasion filmleriniň suratkeş-režissýory Wladimir Zuýkow aradan çykdy. Bu barada "Soýuzmultfilm"-iň baş redaktory Sergeý Kapkow özüniň Facebook sahypasynda ýazdy.

Kapkowyň aýtmagyna görä, 86 ýaşly meşhur animatoryň aradan çykmagyna koronawirus sebäp boldy.Zuýkow ilkinji bolup sowet Winni Puhunyň suratlaryny çekdi, onuň tagallasy bilen Ýemşijegiň keşbi peýda boldy.Ol biziň çagalykdan bilýän multfilmlerimiziň ählisiniň üstünde işledi.

Animator ýaşan ömründe mekdepde sapak berdi we dürli neşirýatlarda grafikaçy bolup işledi, 1967-nji ýyldan bäri “Soýuzmultfilm” studiýasynyň önümçilik dizaýneri boldy.Zuýkow Fýodor Hitruk, Mihail Ugarow, Nataliýa Golowanowa ýaly tanymal režissýorlar bilen hem işleşdi. Ýeri gelende bellesek, ol birnäçe abraýly baýraklaryň - "Kann" halkara film festiwalynyň, Barselona reňkli film festiwalynyň baýragynyň eýesidir.

Ýene degişli makalalar

Çöl serçesi Garagumda hemişelik ýaşaýan guşdyr
Ýemelýanenkonyň nobatdaky ýeňşi
Muzeýler üçin täze tehnologiýalar: Sankt-Peterburgdan gelip gowşan sowgat näme aňladýar
Puşkin adyndaky teatrynyň täze oýny maşgala gymmatlyklary barada
Ýakyn taryhyň çatrygynda: Türkmen metbugatynyň irki sepgitleri (3-nji bölüm)
...Hudaý sungatlarda maňa zehin baryn eçilipdir