Ýemelýanenkonyň nobatdaky ýeňşi

Başa-baş söweşi boýunça “Bellator & Rizin” ady bilen geçirilen ýaryşyň çäginde russiýaly Fýodor Ýemelýanenko bilen amerikaly Kuinton Jekson duşuşdy. Ýaponiýanyň Saitama şäherinde geçirilen tutluşyk eýýäm birinji döwde tamamlandy. Ýagny Ýemelýanenko güýçli garşydaşyny 2 minut 44-nji sekuntda nokaut bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Bu 43 ýaşly Ýemelýanenkonyň 46-njy duşuşygyndaky 39-njy ýeňşi boldy. Şol bir wagtyň özünde-de Ýemelýanenko 15-nji gezek nokaut bilen ýeňiş gazandy. 41 ýaşly Jekson bolsa, 52-nji duşuşygynda 14-nji sapar ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

35 ýyllyk taryhy rekorda 00,7 sekunt ýetmedi
“Çelsiniň” Sterlingi bar
35 ýyllyk taryhy rekorda 0,07 sekunt ýetmedi
Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
Teýlor Swiftiň konserti iň köp girdejili bolup biler
Nýukasl Mançester Sitini ýaryşdan çykardy
Zehinli ýaşlaryň festiwaly atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi