Wissel Kobe bilen deňme-deň oýnan Kitçi taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

Wissel Kobe bilen deňme-deň oýnan Kitçi taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çäginde Taýlandyň Buriram şäherinde geçirilen duşuşykda Gonkongyň Kitçi futbol topary Ýaponiýanyň Wissel Kobesi bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.

Türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow Kitçide başlangyç düzümde meýdana çykdy we ýene bir gezek gowy oýny bilen janköýerleriň söýgüsini gazandy.

Bu deňlik Kitçä toparçada ikinji orny eýeläp, ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmak üçin ýeterlik boldy.

Kitçiniň taryhynda ilkinji gezek şeýle üstünligi gazanandygyny ýatladýarys.

Umuman, J toparçadaky duşuşyklarda Wissel Kobe 8, Kitçi 7, Çiangraý Ýunaýted 1 utuk toplap bildi. Hytaýyň Şanhaý Port topary bolsa ýaryşa gatnaşmady.

Ýaryşyň Gündogar sebitindäki 1/8 final duşuşyklary şu ýylyň 18 ― 19-njy awgust günlerinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystanynyň 3 kluby 1/8 finala çykdy
AFK Çempionlar Ligasy Elite: “Al Hilal”, “Al-Ahli”, “Gwanžu” toparlary 2-nji duşuşyklarynda-da ýeňiş gazandy
Gümrük işi boýunça Ýaponiýanyň tejribesi öwrenildi
IFFHS: Messi - onýyllygyň iň gowy futbolçysy
Son Hyn Min Aziýanyň iň gowy futbolçy bolmak ugrundaky ýaryşda Serdar Azmundan üstün çykdy
2020-nji ýylda Aziýanyň iň gowy futbolçysy yglan edildi, Serdar Azmun ilkinji 3-lige girdi
Ulsan Hýonde AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysy boldy