Witol bilen SOCAR 1 million tonna türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşdy

Witol bilen SOCAR 1 million tonna türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşdy

“Witol” halkara söwda şereketi we Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki “SOCAR” şereketi Baku ‒ Tbilisi ‒ Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly ýylda 1 million tonna türkmen nebitini daşamak barada ylalaşdy. Ylalaşygyň durmuşa geçirilip başlanmagy şu ýylyň oktýabr aýynyň başyna meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr habar berýär.

Türkmenistandan satyn alynýan nebit ozal Nowosibirskä çenli Russiýa Federasiýasynyň derýadyr deňiz portlarynyň üsti bilen tankerler, ondan aňryk bolsa nebit geçirijisi arkaly daşalýardy. Indi Şweýsar-Golland “Witol” şereketiniň şu ugur boýunça daşamaly çig malynyň mukdary iki esse azalyp, aýda 80 tonna barabar bolup biler.

Uglewodorod çig mal söwdasy boýunça dünýäniň öňdebaryjy şereketleriniň biri bolan “Witol” türkmen “gara altynyny” BAE-nde ENOC-dan möhletleýin şertnamalar boýunça satyn alýan mukdaryna barabar mukdarda daşaýar.

Azerbaýjanyň “SOCAR” şereketi ozal Russiýaly we Türkmenistanly köp sanly şereketi işe çekmek bilen, Baku ‒ Tbilisi ‒ Jeýhan geçirijisi arkaly nebit daşalyşyny artdyrmak isleýändigini mälim edipdi.

Söwda nebit kompaniýalarynyň, söwda amala aşyrylanda, satyn alynýan çig malyň hilini we tygşytly daşama ugurlaryny göz öňünde tutýandygyny bellemelidiris. Türkmen nebiti, düzüminde kükürdiň az bolmagy bilen bellidir.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022 atly halkara forumy geçirilýär
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 atly halkara maslahat 27-nji oktýabra çenli dowam eder
Azerbaýjan onlarça ýyl dowam eden uruşdan soň Ermenistana ilkinji gezek ýangyç iberdi
Türkiye bilen Azerbaýjan energiýa, söwda we maýa goýum şertnamasyna gol çekdiler
Vitol we SOCAR kompaniýalary türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşdylar