Wladimir Mkrtumow we onuň egindeşleri zenanlar üçin we jenanlar hakda aýdymlary ýerine ýetirdiler

7-nji mart güni agşam Türkmenistan kinokonsert merkezinde gözel zenanlarymyza bagyşlanyp, Misli düýş deý söýgi diýip jaýdar şahyrana at berlen baýramçylyk konserti boldy.Wladimir Mkrtumowyň ýolbaşçylygynda aýdymçy-sazandalar olar üçin hoş niýetrli söýgi aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Döwran Şammyýewiň, Aleksandr Koçetowyň we Şarif Hojamyň ýerine ýetirmeginde Üýtgeşik näzenin aýdymynyň ýürekleri joşdurýan sözleri aýdym-saz agşamynyň şahyrana äheňde gitjekdigini aýan etdi.The girl is mine (Bu gözel meniň söýenim) aýdymy özüne çekiji aýdymçylar Döwran Şammyýew bilen Aleksandr Koçetow ikisiniň improwizirlenen bäsleşigi bolup ýaňlandy. Şondan soňky birnäçe çykyşdan soň olaryň aýdyşygy indi rus dilindäki Ol jenan seniňki däl aýdymynda dowam etdi.

Nury Nuryýewiň ýerine ýetirmeginde Geçeni ýatlap aýdymy diňleýjileri hoş owazlar we wokal kantilenasy älemi arkaly söýgi ummanyna atardy.Aleksandr Koçetow öz döreden Demirgazyk kündesinde aýdymyny ilkinji gezek ýerine ýetirip, ony zalda oturan aýaly Lýobowa bagyşlady.

Iki aşygyň ýürek töründen çykýan söhbetiniň şaýady bolan diňleýjiler aýdymçynyň alkyşyny şowhunly el çarpmalar bilen ýetirdiler.Wladimir Mkrtumowyň aýtmagyna görä, konsert aýdym-saza muşdak ýaş gyzlaryňam, ýaşy durugşan zenanlaryňam göwnünden turaýjak eserlerden düzülipdir.

Muslim Magomaýewiň, Soso Pawliaşwiliniň, Aleksandr Serowyň, A-Studio toparynyň we beýlekileriň repertuarlaryndan aýdylan aýdymlar munuň subutnamasy boldy.Saz agşamynyň ahyrynda Misli düýş deý söýgi diýen meşhur aýdymy aýdan dört aýdymçy tomaşaçylary owazlara baý sesleri bilen özüne maýyl etdiler.

Wladimir Mkrtumow ozaldan tanalýan Igor Şewsow (bas-gutarada) Tümur Öräýew (urulyp çalynýan saz gurallary) we beýleki sazandalar bilen birlikde öz toparynda ilkinji gezek çykyş edýän, agşamy özboluşly sazandalyk tilsimleri bilen bezän zehinli solo-gitaraçy Baky Annamyradow bilen hem tanyşdyrdy.

Tomaşaçylar ussat sazanda Mrtumowyň we onuň zehinli, üýtgeşik pikirlenýän toparynyň zenanlara peşgeş eden ajaýyp aýdymlary gözeller üçin ýatdan çykmajak ajaýyp sowgat boldy.

Ýene degişli makalalar

Söýgi hakda...: Resul Gylyjow we türkmen sahnasynyň ýyldyzlary täze konsert berdiler
Aşgabatlylara meşhur italýan aýdymlary peşgeş edildi
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Aşgabatda Baharyň ylhamy ady bilen konsert geçiriler
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar